logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«HEMIŞELIK BITARAPLYGYMYZ ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATYNDA» ATLY SERGI GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmaklarynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli «Hemişelik Bitaraplygymyz şekillendiriş sungatynda» atly şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi geçirildi. Sergide hemişelik Bitarap döwletimiziň belent sepgitlerini, parahatçylyk söýüji ýurdumyzyň nurana keşbini, ruhy we medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzyň milli aýratynlygyny açyp görkezýän täsin eserler sergide aýratyn orny eýeledi.