logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HEMIŞELIK BITARAPLYK AÝDYŇ ÝOLLARA ŞAMÇYRAG

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde gurnamagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Hemişelik Bitaraplyk aýdyň ýollara şamçyrag» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen türkmen Bitaraplygynyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar, ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler barada giňişleýin çykyş etdiler. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitaby halkymyz üçin baýramçylyk sowgady bolandygy hakynda hem belläp geçdiler.

Çäräniň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde aýdym-sazlar ýaňlandy we baýramçylyk mynasybetli gurnalan kitap sergisi bilen hem tanyşdyryldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda mähriban halkymyzy ösüşlere sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.