logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HEMIŞELIK BITARAPLYK-BAGTYŇ DÜNÝÄSI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 29-njy orta mekdebiniň bilelikde guramagynda Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli «Hemişelik Bitaraplyk-bagtyň dünýäsi» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi,Türkmenistan döwletimiziň dünýäde parahatçylygy ilerlediji ýurt hökmündäki abraýyny has-da artdyryp, biziň hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan syýasatymyzyň barha dabaralanýandygy barada buýsanç bilen beýan etdiler. Şeýle-de dünýäde parahatçylyk söýüjilik ýörelgesini wagyz etmek, halklar bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygy saklamak müňýyllyklardan gelýän asylly ýolumyzdygy barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda Halkymyza bagtyýarlygy peşgeş beren, ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.