logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HEMIŞELIK BITARAPLYK BUÝSANJYMYZDYR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli «Hemişelik Bitaraplyk buýsanjymyzdyr» ady bilen gürrüňdeşlik geçirdi.

Çärede Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylygyň, abadançylygyň mekanydygy, asuda ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler bolsa, halkyň abadan durmuşy, bagtyýarlygy bilen gönüden-göni baglanyşyklydygy, şonuň üçin hem gazanylýan üstünlikler, ösüşler bagtyýarlyk döwrümizi has-da dabaralandyrýandygy barada gürrüň berdiler.

Goý, dünýä nusgalyk işleri bitirýän, baky Bitaraplyk hukuk derejämizi, parahatçylyk ýoluny mynasyp dabaralandyrýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.