logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HEMIŞELIK BITARAPLYK–PARAHATÇYLYGYŇ BINÝADY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Hemişelik Bitaraplyk–parahatçylygyň binýady» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler parahatçylyk söýüjilik ýoluny, agzybirlik ýörelgesini ýöredýän halkymyz ýene-de bir ajaýyp senäni – ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýuny toýlaýandygyny we Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň şanyna toýlanýan bu sene her birimiz üçin aýratyn ähmiýete we many-mazmuna eýe bolup, durýandygy barada beýan etdiler. Şeýle-de hemişelik Bitaraplyk dünýäde ykrar edilen beýik gymmatlygymyzdygyny hem-de parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, hyzmatdaşlygy we ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdygy barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýyny has-da belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.