Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Her bir göli nepisligiň nusgasy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler türkmen halysy öz gözbaşyny gadymýetden alyp gaýdýan gözelligi, özüne mahsus bolan ruhy medeniýeti we nepisligi jemleýän sungat eseridigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen haly asyrlary, müňýyllyklary aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten milli gymmatlyklarymyzyň biri bolup, özüniň berkligi, dokalşynyň nepisligi, nagyş we reňk öwüşgünleriniň aýratynlygy bilen dünýä ýurtlarynyň halylaryndan düýpli tapawutlanýandygy barada beýan etdiler.
Geçirilen gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.