logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HER SAHYPA-TÄZE BIR DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmenistan kinokonsert merkezinde geçirilen Multfilm şüweline «Her sahypa-täze bir dünýä» atly göçme kitap sergisini gurnady.

Kitaphanamyzyň baý kitap gaznasyndan çagalaryň söýgüli ertekileri hem-de beýleki neşir önümlerinden ybarat bolan göçme kitap sergimiz çagalaryň biri-biri bilen kitap barada gürrüň etmegine, pikir alyşmagyna mümkinçilik berdi. Çagalary kitap we erteki okamaklyga çekmegiň täsirli ýoly bolan göçme kitap sergisi çagalaryn kitaplara bolan gyzyklanmasyny artdyrmakda örän möhüm orun eýeleýär. Çagalar kitaby diňe eşidip däl, eýsem gözi bilen görüp, eline alyp, sahypalaryny açyp, kitaby duýmak arkaly kitaplara bolan söýgüsini artdyrdylar. Kitaphana hünärmenleri göçme kitap sergimize kitaplar dünýäsi bilen tanyş bolmaga gelen ýaşajyk kitapsöyüjiler bilen ynsanyň durmuşynda kitabyň tutýan orny, gyzykly kitaplary okamaklygyň peýdalary barada täsirli gürrüňleri berdiler.

Çärämiziň ahyrynda ýas nesillerimiz özleriniň okamaklary, öwrenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.