HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ÖNÜMÇILIK DESGASYNYŇ DÜÝBÜNI TUTMAK DABARASYNA GATNAŞDY
15-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenabat şäherindäki S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda mineral dökünleri öndürýän toplumyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň himiýa senagaty okgunly ösdürilip, ol milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Diýarymyzyň ägirt uly tebigy baýlyklary pudagy çig mal bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Diňe çig mal eksporty bilen çäklenmän, ony çuňňur gaýtadan işlemegi ugur edinýän Türkmenistan döwrebap, ýokary tehnologiýaly hem-de bäsdeşlige ukyply himiýa senagatyny kemala getirýär.
Dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça öňdäki orunlary eýeleýän ýurdumyz bu baýlygy netijeli ulanmaga gönükdirilen strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Tebigy gazdan dünýä bazarlarynda ýokary isleg bildirilýän önümleri öndürýän gazhimiýa senagaty bu strategiýada esasy orunlaryň birini eýeleýär. Şeýle-de, Türkmenistan iri mineral dökünleri öndüriji hökmünde halkara bazarlarda ornuny barha pugtalandyrýar. Marydaky, Tejendäki, Garabogazdaky öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap zawodlarda ýokary hilli ammiak hem-de karbamid öndürilýär. Munuň özi Türkmenistanyň oba hojalygynyň zerurlyklaryny doly kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, bu önümleri daşary ýurtlara eksport etmäge hem mümkinçilik berýär.
Gyýanlydaky gazhimiýa toplumy milli nebitgaz we himiýa senagatynyň dünýäde iň belli kärhanalarynyň biridir. Toplum turba önümçiliginden başlap, ýeňil senagat we awtomobil gurluşygyna çenli köp pudaklar üçin esasy çig mal bolan polietilen hem-de polipropilen öndürýär. Ýokary hili halkara güwänamalar bilen tassyklanan bu önümler ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmäge, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Ahaldaky tebigy gazdan ekologik taýdan arassa benzin öndürýän zawod dünýäde iň innowasion taslamalaryň biri bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzyň senagaty diňe bir diwersifikasiýalaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ekologik taýdan arassa, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagy maksat edinýändigini hem görkezýär.
Türkmenistan ýodbromly ýerasty suwlaryň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Hazar, Balkanabat, Bereket zawodlary tehniki ýody öndürýän iri kärhanalardyr. Täze maýa goýum taslamalarynyň çäklerinde goşmaça kuwwatlyklaryň döredilmegi ýurdumyzyň bu ugurdaky eksport mümkinçiliklerini has-da artdyrmaga goşant goşar. Mundan başga-da, Lebap welaýatynda kaliý dökünlerini öndürýän “Garlyk” dag-magdan toplumy üstünlikli hereket edýär. Türkmenabatdaky himiýa zawodynda goşmaça täze toplumyň gurulmagy bolsa ýurdumyzyň oba hojalygyny mineral dökünleriň ähli görnüşleri bilen doly üpjün etmäge mümkinçilik berer.
«Türkmenistan» gazeti