logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Hindi ýazyjysy we şahyry

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda görnükli hindi ýazyjysy we şahyry Rabindranat Tagoryň doglan güniniň 165 ýyllygyna bagyşlap Magtymguly Pyragy medeni seýilgäh toplumynda “Hindi ýazyjysy we şahyry” atly söhbetdeşlik geçirdi.

Rabindranat Tagor 1913-nji ýylda edebiýat boýunça Nobel baýragyny alan ilkinji Aziýaly şahyrdyr. Onuň döredijiligi parahatçylyk, ynsanperwerlik we halklaryň dostlugy baradaky pikirleri öz içine alýar. Tagor diňe bir hindi halkynyň şahyry däl, eýsem tutuş adamzadyň şahyry. Tagoryň döredijiligi örän giň gerimlidir. Ol iki müňden gowrak goşgy, birnäçe roman, hekaýa we drama eserlerini döredipdir. Onuň döredijiligi häzirki wagtda hem öz ähmiýetini ýitirmän gelýär.

60 ýaşyndan soň Tagor surat çekip başlapdyr. Onuň suratlary häzirki wagtda dünýäniň dürli muzeýlerinde görkezilýär. Mundan başga-da, Tagor bilim ulgamyna uly goşant goşupdyr. Ol 1921-nji ýylda Wiswa Bharati uniweristeti atly bilim ojagyny esaslandyrypdyr. Bu okuw mekdebiniň maksady dürli medeniýetleriň arasynda dostlygy we hyzmatdaşlygy ösdürmek bolupdyr. Tagor dünýä medeniýetine uly täsir eden beýik şahsyýetdir.

Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän bu medeni seýilgäh toplumynda Tagoryň heýkeliniň ýerleşmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Bu heýkel diňe bir ýadygärlik däl, eýsem, ol halklaryň arasynda dostlugyň, medeni hyzmatdaşlygyň we ruhy bitewiligiň nyşanydyr. Şeýle hem, halklaryň arasynda medeni gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygyny, dost-doganlyk ýörelgeleriniň ösdürilýändigini alamatlandyrýar. Ine şular dogrusynda söhbetdeşligiň dowamynda täsirli gürrüňler edildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle beýik şahsyýetleriň döredijiligini öwrenmek arkaly ýaş nesilleri ýokary maksatlara, giň dünýägaraýşa we parahatçylyk söýüjilige ruhlandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýdyldy. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli döwletli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegi arzuw edildi.