logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ JÖWHER PAÝHASYNDAN DÖRÄN AJAÝYP KITAPLARYNA SYN BERILDI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplaryna syn berildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly dünýäniň akyldary» atly kitaby 2024-nji ýylda çapdan çykyp, kitapda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli kabul edilen resminamalar, gutlaglar, çykyşlar, beýan edilýär. Kitap üç dilde türkmen, rus, iňlis dilleriniň hersinde aýratyn kitap görnüşinde giň halk köpçüligine ýetirildi.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri» atly kitaby 2024-nji ýylda çapdan çykyp, bu kitap 2 tomdan ybarat bolup birinji tomy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň işleriniň beýany hem-de ýurdumyzda bolup geçýän özgertmeleriň depginini özünde jemleýär.

Synyň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.