Daşoguz welaýat kitaphanasynyň girelge eýwanynda kitaphana işgärleriniň, Mejlisiň deputatynyň, şahyrlar, medeniýet we sungat işgärleri, bilim, saglygy goraýyş, telekeçiler, metbugat we habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň gatnaşmagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly dünýäniň akyldary» atly kitabyndan tegelek stolyň başynda tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Dabaranyň geçýän ýerinde, kitaphana işgärleri tarapyndan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan ajaýyp kitaplary bilen birlikde, ylmyň ähli ugurlaryny öz içine alýan kitaplaryň sergisi guraldy. Bu tanyşdyryş dabarada çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly kitabynyň elimize gelip gowuşmagy halkymyz üçin bahasyna ýeti bolmajak sowgat boldy. Ruhuňy göterýän bu kitapda hormatly Prezidentimiz beýik şahyryň edebi mirasynyň, dünýä edebiýatyna goşan ägirt uly goşandynyň, şahyryň ýubleý toýy bilen bagly geçirilen çäreleriň, şeýle hem ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň jemi giňden bellenilendigini uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Tanyşdyryş dabaranyň soňunda halkymyzy ajaýyp eserler bilen begendirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, şeýle eserleriniň höwrüniň köp bolmagy arzuw edildi.