logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ «MAGTYMGULY-DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

HORMATLY PREZIDENTIMIZ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ «MAGTYMGULY-DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY» ATLY KITABYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda, Döwlet kitaphanasy, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, «Altyn asyr» teleýaýlymynyň «Berkarar döwlet islärin» atly gepleşigi bilen bilelikde hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler: Toýdur-baýramlara beslenýän eziz Watanymyzda şanly täzelikler yzly-yzyna sepleşip gelýär.Tamamlanan hem-de uly üstünliklere beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly gymmatly kitabynyň türkmen halkymyza gowuşmagy has hem göwünlerimizi galkyndyrdy. Bu täze kitapda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär diýip, uly buýsanç bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa özüniň ýürek buýsançlaryny, ajaýyp goşgularyny okap berdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler sözleriniň ahyrynda agzybir türkmen halkyny beýik Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň eşretlerinde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.