logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ «MAGTYMGULY-DÜNÝÄ AKYLDARY» ATLY KITABYNDAN ÝAZGY EDILDI

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ «MAGTYMGULY-DÜNÝÄ AKYLDARY» ATLY KITABYNDAN ÝAZGY EDILDI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Türkmenistan sport» teleýaýlymy bilen bilelikde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly-dünýä akyldary» atly kitabyndan ýazgy edildi.

Çykyş edenler: Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly gymmatly kitaby nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Hormatly Prezidentimiziň öňki ajaýyp kitaplary bolan «Ýaşlar-Watanyň daýanjy», «Änew-müňýyllyklarda gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplarynyň üstüni ýetirýän «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitaby hem Döwlet kitaphanamyzyň kitap hazynasyny baýlaşdyrmakda uly ähmiýete eýedir diýip, uly buýsanç bilen çykyş etdiler.

Çykyş edenler söhbetleriniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işlerinde üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.