Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara şanly wakalara beslenýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde “Halkara zenanlar güni” mynasybetli dürli çäreler geçirilýär. Ýurdumyzda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda, guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenilýän gyzlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan “Halkara zenanlar güni” mynasybetli pul sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň hem talyp gelin-gyzlaryna we zenan mugallymlaryna “Halkara zenanlar güni” mynasybetli baýramçylyk dabarasy gurnaldy. Geçirilen çärede mekdebiň direktory M.B.Kerimow mekdebimizde zähmet çekýän zenanlary we okaýan talyp gyz-gelinleri bu ajaýyp bahar baýramy bilen gutlap, dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlaryny gowşurdy. Dabara mekdebimiziň talyplary we mugallymlary tarapyndan taýýarlanan konsert meýilnamasy bilen dowam etdi. Konsertiň dowamynda ýerine ýetirilen eserler mähriban enelerimiziň, ajaýyp gözelligi özünde jemleýän gyz-gelinlerimiziň waspyny ýetirdi we şatlyklaryna şatlyk goşdy. Dabaranyň ahyrynda mekdebiň ähli zenan mugallymlarynyň we işgärleriniň, talyp gyzlarynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş we minnetdarlyk sözleri belentden-belent ýaňlandy.
Ýurdumyzyň ähli zenanlaryny, mähriban enelerimizi, eziz uýalarymyzy we gyzlarymyzy tüýs ýürekden gutlaýaryn. Zenanlara şeýle uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!