logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «ÄNEW MÜŇÝYLLYKLARDAN GÖZBAŞ ALÝAN MEDENIÝET» ATLY KITABYNDAN

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda hormatly Prezidentimiziň «Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy medeni mirasymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak babatda amala aşyrylýan beýik işleriň çeper waspy öz beýanyny tapýandygy, hormatly Prezidentimiziň «Änew–müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda ajaýyp pikir garaýyşlaryň taryhy ýazuw çeşmeleri, arheologiýa, etnografiýa, edebiýat, paleografiýa ýaly ylymlaryň maglumatlaryň halk hakydasynda orun alan rowaýatlardyr tymsallar bilen utgaşdyrylyp beýan edilmegi eseriň ähmiýetini has-da artdyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda şöhratly taryhymyzy öwrenmäge, ýaş nesillerimize wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.