Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hormatly Prezidentimiziň «Änew-müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyndan gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taryhy medeni mirasymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak babatda amala aşyrylýan beýik işleriň çeper waspy öz beýanyny tapýandygy, hormatly Prezidentimiziň “Änew–müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda ajaýyp pikir garaýyşlaryň taryhy ýazuw çeşmeleri, arheologiýa, etnografiýa, ýaly ylymy maglumatlaryň we rowaýatlardyr tymsallar bilen utgaşdyrylyp beýan edilmegi eseriň ähmiýetini has-da artdyrýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda şöhratly taryhymyzy öwrenmäge, ýaş nesillerimize wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.