logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ DAŞARY SYÝASATY PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLY

Türkmenistanyň Senagatçylyk we telekeçiler partiýasy hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy, «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde «Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasaty parahatçylygyň we ösüşiň aýdyň ýoly» atly maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan parasatly içeri we daşary syýasatynyň netijesinde ýurdumyz parahatçylygyň, abadançylygyň, asudalygyň mekanyna öwrülýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde uly ösüşler gazanylýar. Ýurdumyz daşary syýasatda Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Dünýäniň ähli döwletleriniň we halklarynyň bähbitlerini nazara alyp, Türkmenistanyň ösüşiň hatyrasyna öňe sürýän başlangyçlary bilen halkara abraýy barha belende galýar diýip uly buýsanç bilen söhbet etdiler.

Maslahatyň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.