Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda kitaphanada “Altyn asyr” teleýaýlymynyň “Söz mülküniň bossany” atly gepleşiginiň ýazgy etmeginde “Hormatly Prezidentimiziň eserleri – milli gymmatlyklarymyzyň beýany” atly söhbetdeşligi geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynyň ýaş nesiller üçin durmuş mekdebi bolup, olar Watansöýüjilik, ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly ähmiýeti dogrusynda gürrüňler edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň diňe bir bilim çeşmesi bolman, eýsem ýaş nesilleri milli ruhda terbiýeleýän, olaryň dünýägaraýyşyny baýlaşdyrýan gymmatly eserlerdigi hakynda hem giňişleýin gürrüňler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ajaýyp eserleri bilen milli medeniýetimizi, taryhymyzy öwrenmeklige hem-de ýaş nesillere wagyz etmeklige döwrebap mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.