Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hormatly Prezidentimiziň “Hakyda göwheri“ atly kitabyndan kitaphana syny geçirildi.
Bu kitaphana synynda edilen çykyşda Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitabynyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň geçmiş taryhyny düýpli öwrenmekde, nusgalyk edebi mirasyny dünýä ýaýmakda ähmiýetiniň uludygy barada belläp geçdiler. Milli Liderimiziň bu neşirinde diňe bir türkmeniň däl, eýsem, dünýä taryhynyň sahypalarynda yz goýan şöhratly geçmişimiz, edebi mirasymyz babatda gymmatly maglumatlar beýan edilýär. Taryhy ýadygärliklerimiz, edebi mirasymyz hakynda buýsançly maglumatlar bu neşiriň içinde eriş-argaç bolup geçýär.
Bu kitap “Taryha syýahat” hem-de “Ruhy miras”atly baplardan ybarat bolup, türkmen medeniýetiniň taryhy baradaky garaýyşlaryňy ösdürýär, düşünjäňi artdyrýar. “Hakyda göwheri” atly pähim-paýhasa baý, ajaýyp kitaplary okap, ösen medeniýetli bagtyýar döwrüň gadyr-gymmatyna has aýdyň göz ýetirýäris. Bu neşirler halkymyzyň baý medeniýetiniň edebi ýazgylarydyr diýip bellediler. Kitaphana synynda çykyş edenler sözleriniň ahyrynda şular ýaly ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny,Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýüreklerinden arzuw etdiler.
Dabarada çykyş edenler: Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli medeniýetimiz, nusgawy edebiýatymyz dünýä ýaýylýar. Şeýle ajaýyp döwürde Magtymguly Pyragynyň eserlerini öwrenmäge we ýaşlara ýetirmäge uly üns berilýär. Bu günki gün akyldar şahyryň baý döredijiligi bilim,medeniýet we döredijilik işgärleri, ählimiz üçin gymmatly hazyna öwrüldi.Şonuň üçin hem nusgawy edebiýatymyz,baý edebi mirasymyz düýpli we ählitaraplaýyn öwrenilýär diýip,uly buýsanç bilen gürrüň etdiler. Olar çykyşlarynyň soňunda ata Watanymyzyň,merdana halkymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny,alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.