Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň guramagynda “Nesil“ çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Hormatly Prezidentimiziň kitaplary – ýolumyza şamçyrag» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplary halkymyzyň ýoluna şamçyrag bolup, ynsan ruhyny baýlaşdyrýan, ýaş nesillerimizi Watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly gollanma bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gökderede ýerleşýän “Nesil” çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde bagtyýar körpeler erkana, rahat dynç alyp, wagtlaryny gyzykly hem manyly geçirýändikleri barada beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.