logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «MAGTYMGULY - DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY» ATY KITABYNDAN

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Magtymguly Pyragy halkymyzyň azatlygyny, erkinligini, agzybirligini arzuwlap geçen, her bir şygyrlary halkyň hakydasynda müdümilik galan akyldar şahyrdygy, gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň we edebi mirasynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sarpasynyň arşa göterilýändigi hakynda uly buýsanç bilen gürrüň berdiler. Şeýle hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkymyza sowgat eden “Magtymguly-dünýäniň akyldary” atly ajaýyp eserleriniň many-mazmuny hakynda söhbet etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen medeniýetine, sungatyna, edebiýatyna çäksiz sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.