Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy, 116-njy orta mekdebiniň bilelikde guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly kitaby esasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly täze kitap türkmen halkynyň milli mirasynyň halkara derejesinde wagyz edilmegine möhüm goşant goşmak bilen, Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasynyň häzirki döwürde-de gymmatly we ygtybarly ýolbeletdigini ýene bir gezek äleme aýan edýänligi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de akyldar şahyryň diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem dünýä halklarynyň arasynda türkmen edebiýatyny şöhratlandyran ussatlygy barada beýan etdiler.
Çäräniň ahyrynda nusgawy edebiýatymyzy dünýä ýaýmakda, ýaş nesillere öwretmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.