logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «MAGTYMGULY–DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY» ATLY KITABYNYŇ AÝDYM-SAZLY TANYŞDYRYŞ DABARASY

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «MAGTYMGULY–DÜNÝÄNIŇ AKYLDARY» ATLY KITABYNYŇ AÝDYM-SAZLY TANYŞDYRYŞ DABARASY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly kitaby ähli halkymyza ajaýyp sowgady boldy. Bu ajaýyp kitabyň çap bolup çykmagy hem kitaphana ulgamynda zähmet çekýän kitaphanaçylaryň kalbyny joşa getirdi.

Ýaňy-ýakynda Daşoguz welaýat çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri hem-de Daşoguz şäherindäki 16-njy orta mekdebi bilen bilelikde guramagynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly kitabynyň aýdym-sazly tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Aýdym-sazly tanyşdyryş dabarada çykyş edenler türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny şeýle-de akyldaryň döredijiliginiň we onuň durmuş ýolunyň ylmy esasda öwrenilişi, pähim-paýhasly şygyrlarynyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti dogrusynda nygtap geçdiler. Munuň özi akyldar şahyrymyzyň döredijiligini öwrenmekde, ýaş-nesillerimiziň arasynda wagyz etmekde Arkadagly Gahryman Serdarymyz nusgalyk görelde bolup durýandygyny belläp geçdiler.

Ýaş nesliň kitaba, kitaphana bolan söýgisini artdyrmak maksady bilen geçirilýän çäreler çagalarda uly täsir galdyrdy. Tanyşdyryş dabarada edilen çykyşlar, aýdylan aýdymlar we okalan goşgular çagalaryň kalplaryny has-da joşdurdy.

Aýdym-sazly tanyşdyryş dabaranyň ahyrynda dünýä ýüzünde parahatçylygy berkarar etmek bilen halklary dostlaşdyrmak, doganlaşdyrmak ugrundaky alyp barýan işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.