logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY-PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY» ATLY KITABYNDA «MEDENI GYMMATLYKLARYŇ WASPY» ADY BILEN GEÇIRILÝÄN TEGELEK STOLUŇ BAŞYNDAKY SÖHBETDEŞLIK

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly “ atly kitabynda “Medeni gymmatlyklaryň waspy” atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnaldy. Söhbetdeşlikde çykyş eden döredijilik işgärleri we kitaphanaçylar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli türkmen halkyna sowgat eden “Türkmenistanyň Bitaraplygy- parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly “ atly kitaby dogrusynda öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýazan ajaýyp eserleriniň ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn ruhda, watansöýüji, ylymdan- bilimden paýly bolup, biziň taryhymyzy öwrenmekleri üçin giň gollanma bolup durýandygyny belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinde rowaçlyklaryň ýar bolmagyny arzuw etdiler. Söhbetdeşlik “Aşgabat” teleýaýlymynyň ”Älem syry kitap bilen açylýar” gepleşigi tarapyndan ýazgy edildi.