logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ «TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGY-PARAHATÇYLYGYŇ WE YNANYŞMAGYŇ AÝDYŇ ÝOLY» ATLY TÄZE KITABY ESASYNDA

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy binasynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby esasynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň halkymyza sowgat eden “Türkmenistanyň Bitaraplygy-parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze eserinde ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler barada, türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik ýoluny, dost-doganlyk syýasatyny, hemişelik Bitaraplygymyzyň beýik ýörelgesini aýdyň beýan edilýändigi hakynda söhbet etdiler. Şeýle-de bu kitapda döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna eýerip, halkara gatnaşyklarda gazanan üstünliklerine, ýeten belent sepgitlerine, gol çekilen taryhy resminamalara hem-de syýasy wakalara giňişleýin orun berilmegi, kitabyň ähmiýetini has-da artdyrýandygy barada çykyş etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp many-mazmunly eserleri halkymyza serpaý berýän, halkymyzyň parahat, asuda durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.