Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän eserleri, taryhy çykyşlarynda berýän öwüt-ündewleri ösüp gelýän ýaş nesiller üçin milli terbiýäniň kämil ahlaklylygyň we egsilmez watansöýüjiligiň beýik durmuş mekdebidir. Hormatly Prezidentimiziň gymmatly sargytlary pederlerimiziň köpasyrlyk durmuş tejribesine, edep-terbiýe ýörelgelerine esaslanýar. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşlary hem-de geçirýän umumy okuw sapaklary ýaşlaryň geljekki durmuş ýollaryna şugla saçýan şamçyragdyr. Bu günki gün täze taryhy eýýamda ýaş nesliň ylym-bilim almagy, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin ýurdymyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Şu şanly ýylymyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň geçiren umumy okuw sapagynda eden taryhy çykyşynda hem-de halkymyza peşgeş beren ,,Watançylyk taglymaty” atly kämil eserinde belleýşi ýaly, ,,Türkmeniň milli mirasyny söýüň! Milli mirasymyza pederleriň ruhy siňendir. Milli miras –bu halallyk, ýere topraga yhlas etmek, ahlak arassalygy, beden tämizligi, gaýduwsyzlyk ýaly paýhas eleginden geçirilen öwüt-ündewleridir” diýip belleýär.
Şu günler ýurdymyzyň dürli künjeklerinde wagyz nesihat duşuşyklary, maslahatlar we söhbetdeşlikler yzygiderli geçirilýär. Şeýle dabaraly maslahatlaryň biri Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň Lebap welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramaklarynda “Hormatly Prezidentimiziň watançylyk sargydy ýaşlar üçin nusgalyk ýörelgedir” ady bilen geçirildi. Oňa welaýatyň il sylagly ýaşululary, kümüş saçly eneler, bilim işgärleri, orta we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Maslahatda Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bagtyýarlygy, eşretli zamanada ýaşamaklary döredijilikli zähmet çekmekleri üçin döredip berýän şertdir mümkinçilikleri dogrusynda şeýle-de ýurdumyzda ýaşlar syýasatynyň barha rowaçlanýandygy,ösüp gelýän ýaş nesilleri millilik ruhunda terbiýelenmegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda buýsançly söhbetler edildi. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda ylymly-bilimli ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän ýaşlaryň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyza peder ýoluny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýüreklerinden alkyşlaryny beýan etdiler.
Gülälek Batyrowa
Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.