Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar–Watanyň daýanjy» atly kitabyndan gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar-Watanyň daýanjy» atly ajaýyp eseri ýurdumyzyň geljegi bolan bagtyýar ýaşlaryň bu günki üstünliklerinden, Diýarymyzyň beýik ösüşlerine goşýan mynasyp goşandyndan söz açýan bu gymmatly eser ýaş nesillerimiz üçin ylham çeşmesine öwrülendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Watanymyzyň geljegini ýaşlaryň mümkinçiliklerinde görýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlaryna bildirýän belent ynamynyň nyşanyna öwrülendigi barada belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýaşlary elmydama üns merkezinde saklap, geljegimize uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.