logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HOŞ GELDIŇ ILIME, SALAM, TÄZE ÝYL!

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda “Hoş geldiň ilime, salam, Täze ýyl!” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Ýurdumyzda her ýyly üstünlikli jemläp geljek ýyly mynasyp zähmet gadamlary bilen garşylamak asylly ýörelgä öwrüldi. 2025-nji ýyl hem ajaýyp öňegidişikleriň ençemesini ykbalymyza bagyş etdi. Şöhrat şana beslenen merjen şäher Arkadag bu gün bezemen arçalaryň elwan öwüşginleri bilen ýalkym saçýar. Şu günlerde toý-baýramly ýurdumyzyň ähli ýerinde owadan hem belent arçalar baýramçylyk bezegleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda dürli ýaşly okyjylarymyzyň gelmeginde täze ýyl barada goşgularyny, aýdymlaryny aýdyp berdiler. Dürli öwüşgin saçýan çyrajyklar, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen owadan lybasa beslenen arçanyň töweregine ýygnanyp çagalar birek-birege abadançylyk, bagtyýarlyk arzuwladylar.

Belent rowaçlyklara beslenjek Täze-2026-njy ýylda okgunly ösüşleri maksat edinip, öňe batly gadam urýan eziz Watanymyza beýik işler, uly ýeňişler, şanly wakalar hemra bolsun. Ak arzuwlara beslenip geljek Täze ýyl her bir ynsanyň umyt-arzuwlaryny hasyl eýlesin, maşgala ojaklarymyz rysgal-döwletli bolsun!

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda körpe nesillerimiz üçin döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.