logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HOŞ GELDIŇ TÄZE ÝYL, BERKARAR DÖWLETLI DIÝARA

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda täze ýyl baýramçylygy mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary körpeje nesillerimiz bilen guralýan birnäçe çagalar üçin gepleşikleri yzygiderlikde alnyp barylýar.

Şu ajaýyp taryhy ýylda Arkadag şäheri dünýäniň iň tapawutlanan akylly şäher diýlen hormatly ada eýe boldy. Arkadag şäheri-baky bagtyýarlygyň şäheridir. Bagtyýarlygyň goýnunda döredilen ähli şertler biziň ählimiz üçin peşgeşdir. Arkadag şäherimiz- halkyň ýürek şäheridir, döwletli döwranly beýik başlangyçlaryň mekanydyr. Sebitde we dünýäde deňi-taýy bolmadyk akylly şäherimiz arassalygyň ýaşyl ýaşaýşyň gözbaşydyr. Şu mümkinçilikleriň döredilmegi bolsa nesillerimiz üçin dowamatlylyk ýoludyr.

Türkmen halkyny ýagty ertirlere sary alyp barýan işlemäge, okamaga, döredijilikli zähmet çekmäge, körpeje nesillerimiziň medeniýetli dynç alyp, wagtlaryny hoş geçirmäge ähli şertleri mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il ýurt bähbitli umumy adamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.