logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HOŞ GELDIŇ TÄZE ÝYL BIZIŇ ILLERE

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adymdaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Türkmenistanyň “Döwlet sirkiniň” öňündäki arçada täze ýyl baýramçylygy mynasybetli “Hoş geldiň Täze ýyl biziň illere” ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýylyna gadam basmagymyz mynasybetli körpeje çagalar täze ýyl arzuwlaryny, goşgudyr-aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Şeýle-de kitaphana hünärmenleri Gahryman Arkadagymyzyň “Gadamy batly bedew” atly ajaýyp eserinden birnäçe Ahalteke bedewlerimiziň foto suratlaryny görkezdiler we bedewlerimiz hakynda birnäçe gyzykly maglumatlary gürrüň berdiler. Mundan başga-da körpeje nesillere türkmen halk ertekilerinden labyzly okap berdiler we ertekileriň gahrymanlary hakynda sorag-jogap alyşdylar.

Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiz hakynda atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.