logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Hoşallyk maslahatynyň çäklerinde sergi gurnaldy

Arkadag şäher häkimliginde “Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygy – berkarar döwletimiziň bedew batly ösüşiniň berk binýady" atly hoşallyk maslahaty geçirildi.

Maslahatyň çäklerinde Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň muzeý gymmatlyklaryndan sergi gurnaldy. Maslahatyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar köpöwüşginli sergini synladylar. Sergide ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşi we mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygy öz beýanyny tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren ajaýyp kitaplary, amaly-haşam sungatynyň eserleri sergä aýratyn many-mazmuny bagyşlady.