logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Hoşboý ysly baýyrlar sammiti

2026-njy ýylyň 1-4-nji iýuny aralygynda Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasynyň guramagynda Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherinde “Hoşboý ysly baýyrlar sammiti” atly syýahatçylyk maslahaty geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň başlygy Akynyýaz Agamyradow gatnaşdy. Maslahata dünýäniň ençeme döwletlerinden we SŞBF agza şäherleriň wekilleri hem gatnaşdylar. Maslahatyň çäklerinde Pekin şäheriniň innowasiýalar merkezinde SŞBF agzalaryň merkezi öýüniň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasyna Ýaponiýa, Gresiýa, Indoneziýa, Koreýa, Russiýa Federasiýasy, Iordaniýa, Marokko, Senegal, Tunis hem-de beýleki ençeme döwletlerden jemi dünýäniň 36 döwletinden 81 sany agza şäherleriň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň başlygy Akynyýaz Agamyradow “Hoşboý ysly baýyrlar sammiti” atly syýahatçylyk maslahatynda eden çykyşynda:

-2020-nji ýylda Aşgabat şäheri Bütindünýä Syýahatçylyk şäherleriniň Federasiýasynyň sanawyna girizildi. Aziýanyň merjeni hasaplanýan Aşgabat şäheri soňky ýyllarda halkara derejesinde maslahatlaryň, forumlaryň, medeni we sport çäreleriniň geçirilýän merkezine öwrüldi. Şonuň bilen bir hatarda syýahatçylary kabul etmekde we olara ýokary derejede myhmanhana we syýahatçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde hem ösen talaplara laýyk gelýän şertleri bilen dünýäde tanalýar. Aşgabat şäherinde geçirilýän halkara maslahatlar, sergiler we forumlar munuň aýdyň şaýadydyr.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň Köneürgenç, Mary, Türkmenabat, Awaza we beýleki şäherlerini Syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä Federasiýasyna agza etmek ugrunda degişli işleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bularyň ählisi syýahatçylyk babatda Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende göterer – diýip bellemegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň syýahat etmek üçin iň bir amatly ýurtlaryň biridigine, syýahatçylygy ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigine aýdyň subutnamadyr.

Ogulgurban GAŞLAKOWA,

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň

Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.