logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HOŞNIÝETLI BITARAPLYK SYÝASATY-PARAHATÇYLYGY ÜPJÜN ETMEGIŇ MÖHÜM ŞERTI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň her bir güni parahatçylyga asudalyga beslenýär. Häzirki wagtda eziz diýarymyz özüniň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýär. Türkmenistan döwletimiz Mukaddes Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri geçen 34 ýylyň dowamynda türkmen halkynyň gadymdan gelýän netijeli we oňyn parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly şeýle-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli we maksada okgunly amala aşyrýar.

Garaşsyzlyk, Bitaraplyk biziň her birimizi döredijilikli işlemäge, ata Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşmaga ruhlandyrýar. Watanymyzyň at-abraýyny halkara derejesinde täze mertebä göterýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!