logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HOŞNIÝETLI GOŇŞUÇYLYK WE YNANYŞMAK DIALOGYNY ILERLEDIP

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNA IŞ SAPARY TAMAMLANDY

22-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, Arkalaşygyň çäklerinde giň möçberli energetika we logistika taslamalaryny durmuşa geçirip, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Ýurdumyz GDA-nyň giňişliginde ulag-kommunikasiýa arabaglanyşygyna aýratyn üns berýär. Bütindünýä durnukly ulag gününi yglan etmek baradaky başlangyjy öňe süren ýurt hökmünde Türkmenistan Arkalaşygyň ýurtlarynyň çäklerinden geçýän Demirgazyk—Günorta, Gündogar—Günbatar ulag geçelgelerini ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Türkmenistanyň Hazar deňzi sebitini kuwwatly ulag merkezine öwürmek boýunça başlangyçlary dostlukly döwletleriň arasynda söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, harytlary Günorta Aziýanyň we Ýewropanyň bazarlaryna çykarmaga ýardam berýär.

Ynsanperwer we ekologiýa ulgamlary hem Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyz Aral meselesini çözmäge işjeň gatnaşyp, «ýaşyl» diplomatiýa, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak bilen bagly başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistanyň şäherleriniň birnäçe gezek «Arkalaşygyň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bolsa Türkmenistanyň özara hormat goýmak, umumy taryhy mirasy gorap saklamak arkaly halklaryň arasyndaky dostlugy pugtalandyrýandygyny, medeniýetara dialoga açykdygyny görkezýär.

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak we köpasyrlyk dostluk ýörelgelerine esaslanýan strategik hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy dabaraly bellenilýän 2025-nji ýylda ikitaraplaýyn dialog hil taýdan täze derejä çykaryldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak maksady bilen, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýurdumyza amala aşyran sapary iki ýurduň hem özara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassyklan ähmiýetli waka boldy.


«Türkmenistan» gazeti