logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

HOŞNIÝETLILIK ÝÖRELGELERINIŇ BEÝANY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Büzmeýin, Gökje medeniýet öýleriniň bilelikde guramagynda «Hoşniýetlilik ýörelgeleriniň beýany» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ilerletmäge gönükdirilen halkara derejeli forumlaryň, iri maslahatlaryň geçirilýän merkezine öwrülendigini we şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty aýdyň subutnama bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle bähbitli maslahatlaryň ýurdumyzda geçirilmegi ähli türkmen halkyny buýsandyrýandygyny aýtdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il ýurt hem-de dünýä ähmiýetli alyp barýan işleriniň mundan beýläkde rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.