logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Hünär bäsleşigi

Golaýda Lebap welaýatynyň etrap kitaphanalarynyň arasynda sanly ulgamyň işini kämilleşdirmek, bitewi elektron ulgamynyň çygryny has-da giňeltmek, ýurdumyzyň kitaphanalarynyň arasynda kämil iş tejribelerini ýaýratmak, iň göreldeli, öňdebaryjy, işjeň wagyzçy kitaphana hünärmenini ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň bilelikde guramaklarynda “Türkmenistan ösüşleriň diýary-ganatly bedewleriň mekany” atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. I-nji orna Kerki etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Çemen Pirnazarowa, II-nji orna Türkmenabat şäher merkezi kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy Agagül Jumagulyýewa, III-nji orna Halaç etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Lälegül Annamyradowa dagy mynasyp boldular.

Bäsleşige gatnaşyjylar kitaphana ulgamyny ösdürmekde ähli şertleri döredip berýän, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.