logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Hünär bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkezi tarapyndan yglan edilen «Türkmenistan ösüşleriň diýary – ganatly bedewleriň mekany» atly hünär bäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi. Kitaphanalardan öňdebaryjy, ökde, ýaş wagyzçy kitaphanaçylaryň zehinini açyp görkezmek, kitaphana işini dürli ugurlaryň üsti bilen wagyz etmek maksady bilen geçirilýän bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyrynda şowly çykyş edip, saýlanan hünärmenler 1-nji, 2-nji, 3-nji baýrakly orunlara mynasyp boldular. Şeýle hem, çykyş eden kitaphana hünärmenlerine höweslendiriji baýraklar we Hormat hatlary gowşuryldy.

Bäsleşige gatnaşyjylar ýurdumyzy ähli ugurlarda gülledip ösdürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýtdylar.