Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphanalaryň arasynda yglan edilen “Türkmenistan ösüşleriň Diýary–ganatly bedewleriň mekany” atly hünär bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly goldaw-hemaýatlary netijesinde kitaphana işini ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Munuň şeýledigine kitaphana işgärleriniň arasynda geçirilen hünär bäsleşiginden hem göz ýetirmek bolýar. Bäsleşigiň şertlerine görä, kitaphanaçylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň birine kitaphana synyny bermekde, kitaphananyň düzgünlerine laýyklykda sowal-jogap alyşmakda hem-de kitaphana gaznasyna täze kabul edilen neşirleri degişli usullar bilen işlemek boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Emin agzalarynyň gelen netijesine görä, bäsleşikde baş baýraga Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Mähri Daňatarowa, birinji orna Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oguljemal Seýidowa, ikinji orna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Aýjeren Saparmyradowa, üçünji orna Mary welaýatynyň merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oguljeren Gaýypowa mynasyp boldular. Ýeňijilere hem-de bäsleşige gatnaşanlara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň diplomy hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň ýadygärlik sowgatlary dabaraly gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda kitaphana işini ösdürmäge, ruhy baýlygymyz bolan ajaýyp eserleri giň okyjylara wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.