logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«HÜNÄRIM KITAPHANAÇY» ATLY GURNAGY

«HÜNÄRIM KITAPHANAÇY» ATLY GURNAGY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän medeniýet, ylym-bilim babatdaky ynsanperwer syýasatyň esasynda döwletimizde ylymy, bilimi, medeniýeti dünýäniň ösen ýurtlarynyň derejesinde ösdürmeklige, halkymyzyň müňýyllyklardan gözbaş alýan örän baý medeni mirasyny giňişleýin we çuňňur öwrenmeklige, gorap saklamaga, dikeltmäge we wagyz etmäge döwlet ähmiýetli möhüm wezipeleriň biri hökmünde aýratyn üns berilýär. 2025-nji–Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiz kitaphana işini kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Bu habar biz kitaphanaçylary döredijilikli işlemäge ruhlandyrdy.

«Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça meýilnamanyň çäklerinde Mary welaýat kitaphanasynyň guramagynda Mary welaýat kitaphanasynda hereket edýän «Hünärim kitaphanaçy» atly kitaphana gurnagyny Mary şäheriniň Jemagat hojalygy orta hünär okuw mekdebinde gurnadyk. «Hünärim–Kitaphanaçy» atly gurnagymyz kitaphana käri bilen has ýakyn tanyşmaga, kitaphananyň gurluşyny içgin öwrenmäge kömek eder. Gurnagyň esasy maksady: Okuwçylara kitaphanaçy käriň ýokary hünärini öwretmek. Wezipesi: Söhbetdeşlik geçirmegi öwretmek, okamaga höwes döretmek, kitap we katalog bilen işlemegi öwretmek, kitaphananyň ähli bölümleriniň işi bilen tanyşdyrmak, kitaphanada geçirilýän medeni-köpçülik çärelerini öwretmek, şäheriň beýleki kitaphanalaryna gezelenç gurnamak, kitap sergilerini gurnamagy öwretmek ýaly birnäçe işiň görnüşlerini ýerine ýetirilýär.

Goý! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Külli Türkmen halkymyz üçin her bir tutýan tutumly beýik işleri rowaçlyklara beslensin!