logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HÜWDÜLER-ENELERIŇ AÝDYMY

HÜWDÜLER-ENELERIŇ AÝDYMY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir zenanlary ýany-ýakynda «Hüwdüler-eneleriň aýdymy» atly söhbetdeşlik geçirdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda dana halkymyzyň «Çaga eziz–edebi ondanam eziz» diýen ýörelgelere eýerip, hemişe nesillerde ýokary ahlak sypatlaryny, zähmetsöýerligi. watansöýüjiligi, pespälligi, il-ýurda wepalylygy, ähli ynsanlara mähirli gatnaşygy kemala getirmegi mukaddes borç hasaplandygy, sol mukaddeslikleriň ählisiniň hem ajaýyp hüwdüleriň üsti bilen çagalaryň kalbyna guýulýandygy barada gyzykly gürrüňler edildi. Durky mähir-muhabbete eýlenen owadan keşp-kamatly enäni, jägildisi owaz bolup äleme dolýan ak gundagly akja bäbegi mukaddeslige deňän halkymyz üçin söz-kelamy ajaýyp heň-owaza ýugrulan hüwdüler hakynda gürrüň etmegiň hem mukaddeslikdigi barada aýratyn nygtadylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtly çagalygyň ýurduna öwrülen Watanymyzda her bir maşgalany eşretli döwranda ýaşadýan, rysgal-döwletli ak öýleriň töründe ala bagly sallançaklaryň üwrelip, eneleriň çagalarynyň bagtly gelejegi hakyndaky ajaýyp hüwdülerinde beýan edýän isleg-umytlaryny wysal edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.