logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HYTAÝ ATŞYNASLYK MEDENIÝETINIŇ WE DEHUA AK FARFORYNYŇ SUNGATY

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda halkara hyzmatdaşlygy ýokary derejede ösdürilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz dünýä ýüzünde parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgeleri esasynda dabaralanýar. Şöhratly ata-babalarymyzdan miras galan parahatsöýüjilik, agzybirlik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ýaly ýörelgelerimiz täze taryhy döwrümiziň altyn sahypasynyň beýik gymmatydyr.

Köp asyrlar bäri dowam edip gelýän türkmen we hytaý halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň, hoşniýetli hyzmatdaşlyklaryň ýokary derejede ösdürilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda geçirilýän «Medeniýetler bilen tanyşmak we özara dialog» atly medeni çäräniň çäginde 2025-nji ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda «Hytaý dehua ak farforynyň sungaty» we «Hytaý atşynaslyk medeniýetiniň sergisi dabaraly ýagdaýda geçirildi. Bu sergide birnäçe eksponatlar – eýerler, bedew atlaryna bagyşlanan suratlar we heýkeller, dehua ak farforynyň häzirki zaman ajaýyp eserleri görkezildi.

Sergide görkezilen eýerleriň ählisi haşam bezegliligi bilen tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Dürli materiallardan döredilen bezeglerinde bagt getirýän mifiki jandarlaryň keşbi suratlandyrylan kümüş haşamlanan eýerler has hem täsir galdyryjydyr.

Bu sergide örän ussatlyk bilen döredilen dehua farforynyň ajaýyp dünýäsine syýahat boldy. Bedewleriň hormatyna bagyşlanyp birnäçe taslama eserleri ýerine ýetirilipdir. Muňa mysal edip «Rahat seýil», «Tiz şowlulyk», «Möwç urýan akym», «Bilelikde ösüşe tarap», «Şanly syrat», «Dessine gazanylan üstünlik», «Täsir galdyryjy» ýaly sungat eserlerini agzamak bolar. Bu döredilen sungat eserleriň her biri janly suratlandyrma eýedir. Ondan başga-da dürli temada ýerine ýetirilen «Tämizligiň damjasy», «Asman we ýeriň arasynda», «Müň nesliň halypasy», «Çäksiz», «Perişdejigiň süýji ukusy», «Pion telärindäki düýş», «Aý zenan hudaýy», «Uýalar» ýaly her bir taslama çuň mazmuna eýe bolup, gözellik düşünjesi sungatda ajaýyp pikirler bilen beýan edilýär. Arassa we nepis dehua farfory – bu hytaý sungatynyň müdimi gözelligidir.

«Hytaý dehua ak farforynyň sungaty» we «Hytaý atşynaslyk» medeniýetiniň sergisi tomaşaçylarda ruhybelentlik duýgularyny oýaryp, ýakymly täsir galdyrdy.

Şemşat HEZRETGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy