logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK

HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý sungat eserleriniň ýygyndysy muzeýiniň direktory jenap Hu Musziniň ýolbaşçylygyndaky wekilýetiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak duşuşygy bolup geçdi. Duşuşykdan öň myhmanlar ilki Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň taryhy we arheologiýa, Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýlerine aýlanyp gördüler. Myhmanlar Türkmenistanyň taryhy we arheologiýasy bilen içgin gyzyklandylar. Esasan-da Köne Nusaýdan tapylan ritonlar we Merw küýzesiniň daşyna çekilen sahna suraty olarda örän uly täsir galdyrdy.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda, ýurdumyzda alnyp barylýan döwletara duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi, muzeýleriň işiniň hem halkara derejesinde ilerlemeginde özüniň oňyn netijesini berer.