logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HYTAÝ ÝAZGYLARYNYŇ SAZLAŞYKLY GÖZELLIGI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösmegi ugrunda uly işler alnyp barylýar. Muňa şu günler ýurdumyzda Türkmenistanyň we Hytaýyň sungat wekilleriniň gatnaşmaklarynda geçirilýän «Ýüpek ýoly karnawaly-Bahar baýramy festiwaly» atly bilelikdäki medeni çäresi aýdyň mysal bolup biler. Bu döwlet ähmiýetli sungat çäresiniň çäginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary bilen Hytaýyň sungat wekilleriniň gatnaşmaklarynda kalligrafiýa sungaty boýunça ussatlyk okuw sapagy geçirildi.

Aslyýetinde kalligrafiýa sözi-grekçeden terjime edilende “owadan ýazgy” diýen manyny aňladyp, şekillendiriş sungatynyň özboluşly ugrudyr. Häzirki zamanyň döwrebap kesgitlemesinde bolsa kalligrafiýa «labyzly, sazlaşykly we nepis äheňde nyşanlary bezemek» diýen manyny aňladýar.

Ýokary okuw mekdebimizde geçirilen şu günki ussatlyk sapagynda hem Hytaý medeniýetinde esasy orunda duran hem-de gözellik düşünjelerini özüne siňdirip ösen ýazuw sungatynyň taryhy, onuň inçe usullary barada Şanhaý Halkara Medeniýet assossiasiýasynyň Geňeş agzasy, Şanhaý Sazandalar we Şanhaý Dramaturglar assossiasiýasynyň agzasy Çýen Li giňişleýin gürrüň berdi. Her bir harpyň many-mazmuny, özboluşly aňladyş häsiýeti barada Hytaý halk respublikasynyň Pop saz birleşiginiň agzasy, uly saz mediýa hünärmeni we meýilnamalaşdyryjysy, Şanhaý Uniwersitetiniň we Şanhaý Inženerçilik Ylymlary Uniwerstiteniň professory Sü Biň ussatlyk bilen beýan etdi.

Ussatlyk sapagynda her bir harpyň ýazylyş usuly, olary ýazmakda ulanylýan gurallar hem-de reňkleriniň taýýarlanyşy, harplaryň manyly nyşany, çalasynlyk bilen ýerine ýetiriliş usullaryny görkezme sahypalary arkaly Pekin operasynyň aktýory Ýeň Peň Doň görkezdi. Ol bu sapakda talyp ýaşlar bilen bilelikde işledi we her bir haryň ýazylyş usullaryny bilelikde ýerine ýetirdi. Şeýle sapaklar talyp ýaşlarymyza gadymy medeniýetleriň çuňluklaryny içgin öwrenmäge we hat ýazuw sungatlarynyň taryhy ýazylyş usullaryny ele almaga ýardam berýär.


Göwher Saparmyradowa

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň «Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy