logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERINI DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÝOLUNDA TÄZE ÄDIM

14-nji maýda paýtagtymyzda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň, nebitgaz pudagynyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Birleşen Arap Emirlikleriniň bu ugra degişli pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri bilen halkara derejeli duşuşyk boldy. Duşuşyga türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Duşuşykda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigi bellenildi. Şunda bu ugur boýunça dünýäniň iri kompaniýalary we işewür düzümler bilen ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik esasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi pudagyň işiniň ilerledilmegi bilen bir hatarda, onuň önümçilik düzümlerine häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ornaşdyrylmagynda-da aýratyn ähmiýete eýedir.

Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerine ösen tehnologiýalar, täzeçil usullar, öňdebaryjy dünýä tejribesi işjeň ornaşdyrylýar. Şunda halkara derejede gatnaşyklaryň ösdürilmegine we özara tejribe alyşmaga uly ähmiýet berilýär. Bu bolsa degişli düzümlerde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyna, häzirki zamanyň sanly tehnologiýalarynyň netijeli özleşdirilmegine giň ýol açýar. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

«Türkmenistan» gazeti