logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

IL SAGLYGY ÝURT BAÝLYGY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň işgärleri Arkadag şäheriniň Köpugurly hassahanasynda «Il saglygy ýurt baýlygy» ady bilen geçirilen maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti galamyndan syzylyp çykan kitaplaryndan kitap sergisini gurnadylar. Maslahatyň dowamynda hassahananyň lukmanlary gurnalan sergä syn etdiler, olar serginiň özlerinde galdyran gyzykly täsirleri barada öz ýürek buýsançlaryny uly höwes bilen beýan etdiler.

Bize şeýle eşretli zamanany döredip beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys, goý olaryň janlary sag, başlary dik bolsun, alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin.