Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Li Wonje Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda myhmançylykda bolup kitaphana bilen tanyşdy. Ilçi ”Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar” bölüminde ýerleşdirilen Koreýa Respublikasy tarapyndan sowgat berlen kitaplar hem-de dürli dillerde neşir edilen kitaplaryň sergisi bilen, “Seýrek neşirler” bölüminde ýerleşdirilen seýrek duş gelýän gadymy kitaplar, ilkinji döredilen neşir önümleri bilen tanyşdy. Kitaphana bilen tanyşlygyň dowamynda myhmanlar Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy L.Nurmuhammedowa bilen geljekde dostlukly ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlyk etmek, şeýle hem, Döwlet kitaphanasynyň kitap hazynasynyň üstüni koreý dilindäki kitaplar bilen baýlaşdyrmak boýunça söhbet etdiler. Soňra ilçi Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysyna Gahryman Arkadagymyzyň koreý dilinde çap edilen “Türkmenistan-Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabyny sowgat berdi. Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy hem öz gezeginde kitaphananyň adyndan Arkadag şaherine bagyşlanan “Arkadag şäheri” atly kitaby sowgat berdi.