logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«ILHALAR ZEHIN» ATLY TÜRKMEN EDEBIÝATYNYŇ GÖRNÜKLI ÝAZYJYSY WE USSAT TERJIMEÇI KÖMEK KULYÝEWIŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 70 ÝYLLYGYNA BAGYŞLAP DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde türkmen edebiýatynyň görnükli ýazyjysy we ussat terjimeçi Kömek Kulyýewiň ömri we döredijiligi hem-de onuň döreden birnäçe kitaplary ýagny “Bary–ýogum” powesti, “Ganatsyz perişde”, “Gumda”, hekaýalaryny we “Halasgär” atly nowellasyny aýratyn-da şahyryň “Ömür kerweni” ady bilen neşir edilip giň okyjylar köpçüligine niýetlenilen kitabynyň many-mazmun baýlygy hakynda beren gürrüňlerini ýaşlar uly gyzyklanma bilen diňlediler. Häzirki wagtda ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiligi, olaryň döreden kitaplary we olarda beýan edilýän wakalaryň ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhynda terbiýelemeklikde ähmiýeti barada täsirli gürrüňler berdi.

Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan şahsyýetimiziň döredijilik mirasyny öwrenmäge giň şert mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyşlaryny beýan etdiler.