Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda her bir günümiz parahatçylyga, agzybirlige, abadançylyga we aýdym-sazly dabaralara beslenýär. Şeýle ajaýyp dabaralaryň biri-de Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçirilen Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, dosent we ilkinji türkmen zenan kompozitory Jeren Gurbangylyjowanyň 70 ýaş ýubileýidir. Bu dabaraly konserte Jeren Gurbangylyjowanyň maşgalasy, dostlary, kärdeşleri, muşdaklary, olardan başga-da ýokary okuw mekdebimiz bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary we talyplary ýygnandylar. Konsertde kompozitoryň belli eserleri ýerine ýetirildi.
Konsert Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde J.Gurbangylyjowanyň döreden “Poema” eseri bilen açyldy. Bu eseri orkestr mylaýymlyk bilen täsirli owazlandyrmaklygy başardy. Eseriň şirin owazlanmagy ähli diňleýjileri özüne maýyl etdi.
Konsertiň dowamynda Türkmenistanyň halk artisti A.Berdiýewiň we Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi B.Moşşyýewiň ýerine ýetirmeklerinde A.Hudaýnazarowanyň sözlerine döredilen “Guwan Türkmenim”, B.Moşşyýewiň aýtmagynda “Bedewim”, “Durnalar” eserleri ýaňlandy. Aýdylan aýdymlar biri-birinden tapawutlylykda diňleýjilere has hem ýarady. J.Gurbangylyjowanyň aýdym döredijiligi bilen bir hatarda, konsertiň dowamynda onuň ajayp sazlaryna hem orun berildi.
Türkmenistanyň halk artisti O.Annanepesow, “Çalsana, bagşy!” bäsleşiginiň ýeňijisi M.Aşirow we orkestriň ýerine ýetirmeklerinde Dutar we orkestr üçin konsertiň 1-nji bölümi owazlandy. M.Orazowanyň ýerine ýetimeginde Fortepiano we orkestr üçin 3 bölümden ybarat konsert ýaňlandy. Bu esere orkestr sazandarlyk etdi. Bu ýaş sazandalaryň üstünlikli ýerine ýetiren sazlarynyň diňleýjileriň göwnünden turmaklygy, çekilen zähmetiň ýerine düşendigine şaýatlyk edýär.
Soňra dabaraly konsertiň dowamynda N.Annatyýewanyň sözlerine döredilen “Kim sen?” aýdymy Türkmenistanyň halk artisti S.Annadurdyýewa mylaýym owazy bilen ýerine ýetirdi. Konsert A.Berdiýewiň aýtmagynda “Seni ýatlap”, A.Berdiýewiň we A.Seýitkulyýewanyň ýerine ýetirmeklerinde “Ýagyşly gün”, A.Seýitkulyýewanyň “Men bagtly” eserler bilen dowam etdi. Ýerine ýetirilen aýdymlar orkestr bilen sazlaşykly owazlanyp, tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Ý.Öwezowyň klarnetde ýerine ýetirmeginde owazlanan “В сквере” we “Двое под дождём”, Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi D.Şammyýewiň ýerine ýetirmegindäki “Сквозь разлуку” eserler konserte ajaýyp bezeg berdi.
Ýerine ýetirilen eserleriň köp bölegine simfoniki orkestr sazandarlyk etdi. Bu ýaňlanan eserlere konserwatoriýanyň uly mugallymy dirižýor N.Muhyýew we ýokary okuw mekdebimiziň IV ýyl talyby K.Bäşimow dirižýorlyk etdiler. Dirižýorlar özleriniň ussatlyklaryny eserlere siňdirip, ýaňlanan ajaýyp aýdym-sazlary inçe duýgular bilen diňleýjilere ýetirmekligi başardylar.
Yzygiderli ýaňlanan dürli görnüşdäki eserler ýatdan çykmajak baýramçylyk görnüşini döretdi. Dabaranyň ahyrynda tomaşaçylar kompozitora gül sowgatlaryny gowşuryp, özleriniň minnetdarlyklaryny bildirdiler. Konsertiň diýseň gyzykly geçendigini, lezzet alyp diňländiklerini aýdyp, kompozitora janynyň sag bolmagyny, döredijilik ýolunda üstünlikleriniň ýar bolmagyny arzuw etdiler.
Mähri GURBANGULYÝEWA
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň Sazşynaslyk hünäriniň IV ýyl talyby