logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

ITALÝAN DIZAÝNYNDA AÝNA ÖNÜMLERINIŇ GÖZELLIKLERI

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Italiýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn ylalaşyklar esasynda bellenilen “Italýan dizaýn” günleri öz işini gyzgalaňly alyp barmaga başlady. “Italýan dizaýn” günleriniň çäginde Italiýa Respublikasynyň meşhur “IDOJI” kompaniýasynyň wise-prezidenti Silwiýa Formentini we italiýaly binagär Serjo Ferrandini ýokary okuw mekdebimiziň halypa mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň öňünde täsirli okuw sapagyny geçdiler. Sapagyň dowamynda Italiýanyň häzirki zaman dizaýn we binagärlik sungatynyň arabaglanyşykdaky ösüşi, taryhy ýoly we dizaýnyň adamlara täsiri hem-de dünýä belli bu kompaniýanyň alyp barýan işleri barada tanyşyp, sapak gyzykly söhbetdeşlikler we pikir alyşmalar bilen öz işini dowam etdi.

“IDOJI”-Italiýanyň Wenesiýa şäheriniň ştap kwartirasynyň dizaýn kompaniýasy bolup, Wenesiýanyň çeper aýnalaryny ýöriteleşdirilen taslamalar boýunça haýran galdyryjy görnüşlerde taýýarlamak işi bilen meşgullanýar. “Göwrümli bolmadyk” lýustralardan başga-da metal önümleri bilen kristal aýnalaryň çeper sazlaşygy esasynda döredilen nahar iýilýän stollary, çyralary, aýna çüwdürimleri, germewleri, diwarlyklary gadymy nusgawy ugurlara daýanyp täzeçe görnüşlerde buýrujynyň islegine görä ýerine ýetirilýändigine sapagyň dowamynda göz ýetirildi. Kompaniýada tehniki bilimi bolan dizaýnerler, binagärler we ökde hünärli hünärmenleriň toparlary zähmet çekýär. Olaryň döreden işleriniň döwürleýin taslamalary buýrujynyň islegi boýunça goldalynylyp, dünýäniň birnäçe döwletlerinde durmuşa geçirilýär hem-de olary gurnamak işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda bu kompaniýa altmyş ýyldan gowrak wagt bäri özboluşly nepis işleri Angliýada, Müsürde, Russiýada we dünýäniň beýleki ýurtlarynda meşhur bolup, ol 1968-nji ýylda Wenesiýada prezident Domenika Kaminitiniň ejesi Françesko Makor Kaminiti tarapyndan uly bolmadyk kärhana görnüşinde esaslandyrylýar. Kärhana Wenesiýanyň çeperçilik aýnasyny işläp bejerme işlerine ýöriteleşen, gymmat bahaly aýna önümlerini elde öndürmekden özüniň taryhy ýoluna başlaýar. Hanym Françeska we onuň ýanýoldaşy Antoniýo özleriniň täze söwda kärhanalaryny kiçijik çagalary Domeniko we Juzeppa bagyşlaýarlar. Şeýlelikde olaryň atlarynyň ilkinji iki haryny alyp, Doji diýen ady döredýärler. Şeýle hem bu Doji diýen at Wenesiýa respublikasyny 697-nji ýyldan 1797-nji ýyllra çenli asuda dolandyran, gadymy döwlet baştutanlarynyň atlarynyň baş harpyndan başlamak göz öňüne tutulýar. Şeýdip 1968-nji ýyldan başlap Françeska Makor Kaminitiniň döredijiligi üstünlikli ýola düşýär we ol yzygiderli Wenesiýanyň “Hil we mylaýymlylyk” diýen sylaglaryna mynasyp bolup başlaýar. Şol ýyldan başlap Françesko bilen Antoniýo özleriniň haryt belgilerini IDOJI diýen at bilen goramagy maslahatlaşýyp, ilkinji gezek Rimdäki haryt belgileri hem-de Italiýanyň patent edarasynda bellikden geçirmegi maksat edinýärler. 2012-nji ýyldan başlap “Idoji” kompaniýasy “Pauly & C-Compagnia Venezia Murano” we “MVM Cappellin” ýaly birnäçe taryhy obýektleriň, çeper kolleksiýalaryň brendlerine mynasyp bolup gelýärler.

Umuman, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilen bu günki italýan dizaýny baradaky geçilen sapak örän gyzykly we täsirli boldy. Şeýle duşuşyklar dünýäniň tanymal işewür sungat kompaniýalarynyň hem-de olaryň wekilleriniň döredýän taslamalary, ajaýyp eserleri we alyp barýan işleri biziň ýaşlarymyz üçin wajypdyr. Şeýle täsirli döredijilik duşuşyklary, sapaklary ýaşlarymyzyň sungat bilimleriniň artmagyna giňden ýardam berýär. “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan, bedew batly at-myradyň mekany” atly ýylynda talyp ýaşlarymyza okamaga, döretmäge döredip berýän şeýle mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde alyp barýan işleri mundanam beýläk rowaçlyklara beslensin!


Göwher Saparmyradowa

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy.