Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Gökderäniň “Demirýolçy”, çagalar sagaldyş dynç alyş merkezinde “Jadyly ertekiler dünýäsi” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda çagalaryň iň köp okaýan kitaplary, ertekileri boýunça sorag jogap alyşyldy, gyzykly gürrüňler edildi. Çagalar hem öz gezeklerinde wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirip, sapaly günleri başdan geçirýändiklerini buýsanç bilen gürrüň berdiler. Kitap okamaklygyň peýdasy we boş wagtlaryňda gyzykly kitaplary okamaklygyň çagalaryň aňyna ýetirýän täsirleri dogrusynda kitaphana hünärmeni hem täsirli gürrüňler berdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar çagalaryň röwşen geljegi üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.